Ozalky repçi we Katmandunyň öňki häkimi, 35 ýaşly Balendra Şah Nepalyň täze Premýer-ministri boldy. Soňky onýyllyklaryň dowamynda ilkinji gezek hökümetiň başyna iň ýaş işgär, madhesi halkynyň wekili geçdi diýip, “Reuters” habar berýär.
Täze Premýer-ministriň kasam kabul edişlik dabarasy Prezident köşgünde diplomatlaryň we ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Çärä 200-den gowrak induist ruhanylar we buddist lamalar gatnaşdy.
Şah täze Ministrler Kabinetini düzdi, hökümetiň düzümine 14 adam girdi. Maliýe ministri wezipesine Garwardda bilim alan ykdysatçy Swarnim Wagl bellendi.
Hökümetiň täze Baştutany dowam edýän syýasy durnuksyzlyk şertlerinde işe girişdi — 1990-njy ýyldan bäri Nepalda 32 hökümet çalşyldy we olaryň hiç biri doly bäş ýyllyk möhletini tamamlap bilmedi. Ýurt, şeýle-de, çynlakaý durmuş-ykdysady kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar — ilatyň takmynan 20%-i garyplyk çäginden aşakda ýaşaýar, her gün bolsa 1,5 müňe golaý nepally daşary ýurda iş gözlegine gidýärler.
Hindistan we Hytaý eýýäm täze Premýer-ministre resmi gutlaglaryny ýolladylar. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny bildirdi, Hytaýyň DIM-i bolsa Nepalyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldaýandygyny tassyklady.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda Nepalynyň Prezidenti Ram Çandra Paudel ýurduň wekiller palatasyny ýatyrmaga we Ýokary kazyýetiň öňki başlygy Suşila Karkini hökümetiň wagtlaýyn Baştutany edip bellemäge razy boldy.