6-njy noýabrda Waşingtonda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şol stra­te­gi­ýa­da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Do­nald Tram­pyň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça «Mer­ke­zi Azi­ýa – ABŞ» for­ma­tyn­da­ky sam­mi­te gat­naş­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­na öw­rül­di.
Türk­me­nis­ta­ny hem-de Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­ny öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan köp­ýyl­lyk gat­na­şyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. 1992-nji ýyl­da ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan pur­sa­dyn­dan bä­ri bu dia­log yzy­gi­der­li ös­dü­ri­lip, sy­ýa­sat­dan we yk­dy­sa­dy­ýet­den baş­lap, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­ga çen­li ugur­la­ryň giň ge­ri­mi­ni öz içi­ne al­ýar. Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy hyz­mat­daş­lyk oňyn hä­si­ýe­te eýe­dir. Her ýyl ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler bi­le­lik­dä­ki me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak hem-de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin ne­ti­je­li meý­dan­ça bo­lup hyz­mat ed­ýär. ABŞ Türk­me­nis­ta­nyň BMG ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, oňa Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm şer­ti, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ra­ly hök­mün­de ga­ra­ýar.
«Mer­ke­zi Azi­ýa – ABŞ» for­ma­tyn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň üs­ti ýe­ti­ril­ýär. For­ma­tyň yk­dy­sa­dy­ýet, ener­ge­ti­ka, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça iş to­par­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ta­rap­lar se­bit hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek we umu­my me­se­le­le­ri çöz­mek üçin bi­le­lik­de tä­ze çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar.
«Mer­ke­zi Azi­ýa – ABŞ» for­ma­tyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk 2015-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Bu for­ma­tyň ag­za­la­ry – Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tä­ji­gis­tan, Türk­me­nis­tan, Öz­be­gis­tan we Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­dyr. Bu me­ýil­na­ma Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bi­len ABŞ-nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, eko­lo­gi­ýa we in­no­wa­si­ýa ugur­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy­ny öň­de goý­ýar. Sam­mit­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­lar se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, ulag-ener­ge­ti­ka ge­çel­ge­le­ri­ni, suw se­riş­de­le­rini tyg­şyt­ly ulan­mak me­se­le­le­ri­ni we ýaş­lar dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ýar­lar.
Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gün ter­ti­bin­de söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Şun­da 2008-nji ýyl­dan bä­ri iki ýur­duň te­le­ke­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de ne­ti­je­li me­ha­nizm bo­lup dur­ýan «Türk­me­nis­tan – ABŞ» işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan işi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi iki ýur­duň me­de­ni, bi­lim ugur­ly alyş­ma­la­ry iler­let­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. 2023-nji ýyl­da bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi bu ugur­da yzy­gi­der­li iş alyp bar­mak üçin berk bin­ýa­dy dö­ret­di.