Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigindäki (ÝEB) umumy özara söwda möçberi 2025-nji ýylda tas 100 milliard dollara ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Sankt-Peterburgda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň giňeldilen mejlisinde mälim etdi.
-Bu diňe san däl; ol biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ynamyň, özara goldawyň we hakyky gyzyklanmanyň görkezijisidir. Mundan başga-da, özara söwdada heniz doly amala aşyrylmadyk uly mümkinçilikler bar – diýip, Žaparow belledi. Ol soňky ýyllarda bileleşigiň ýurtlarynyň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde, içerki bazarlary berkitmekde we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde üstünlik gazanandygyny sözüniň üstüne goşdy.