Ýa­po­ni­ýa­da öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän ýo­lag­çy gä­mi­si ulan­ma­ga be­ril­di. «Olym­pia Dream Se­to» at­ly suw ula­gy «Nip­pon» gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nyp­dyr. Bu gämi bilen Oka­ýa­ma pre­fek­tu­ra­syn­da­ky ady­bir port bi­len Şo­do­si­ma ada­syn­da­ky To­no­şo port­la­ry­nyň ara­syn­da gat­naw ama­la aşy­ry­lyp baş­lan­dy. Gä­mi­de ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da çy­kyş eden gaz­na­nyň ýol­baş­çy­sy Mit­su­ýu­ki Un­no bu ösü­şiň ýurt­da iş­çi güý­ji me­se­le­si­ne çöz­güt bo­lup bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şeý­le tas­la­ma­lar uzak­da­ky ilat­ly ada­la­ra gat­na­wy üz­nük­siz do­wam et­dir­mä­ge ýar­dam eder. 50-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da­ gur­lan gä­mi ada­myň säw­li­gi se­bäp­li ýü­ze çykyp biljek päs­gel­çi­lik­le­ri hem ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam eder. Gä­mi 500 orun­lyk bo­lup, git­jek wag­ty­ny, ug­ru­ny we bar­jak ýe­ri­ni aw­to­mat usul­da özi saý­la­ýan hem bol­sa, bir ka­pi­tan oňa gö­zeg­çi­lik ed­ýär.

Baýjan Bähbidow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.