Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 10-njy fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onda iki ýurduň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Haryt dolanyşygynyň durnukly artýandygy kanagatlanma bilen bellendi. Iki ýurduň arasynda senagat kooperasiýasy boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär, Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň hem-de Kambaratin suw elektrik bekediniň gurluşygy ýaly bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda işler dowam etdirilýär.
Prezidentler şeýle hem sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini, öňde duran ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, “uza.uz” internet neşiri ýazýar.