Bütindünýä Söwda Guramasynyň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala Özbegistanyň gurama agzalyk gepleşikleriniň tamamlanyp barýandygyny mälim etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bütindünýä Söwda Guramasynyň başlygy Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Duşuşykda Mirziýoýew agzalyk baradaky gepleşikleriň üstünlikli dowam edýändigini belledi. Ngozi Okonjo-Iweala bolsa, geljek ýylyň mart aýyna çenli ähli proseduralaryň kemsiz tamamlanjakdygyny umyt edýändiklerini aýdyp, Özbegistanyň BSG-a gatnaşmagy mynasybetli dabara geçiriljekdigini belledi.
Özbegistanyň 2026-njy ýylyň mart aýynda Kamerunda geçiriljek Ministrler derejesinde geçiriljek maslahatynda bu gurama agza bolmagyna garaşylýar.