21-24-nji oktýabr aralygynda gadymy Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.
21-nji oktýabrda Horezm welaýatynyň aýdym-sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýokary derejeli açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň birinji orunbasary B.Ahmedow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şeýle çäreleriň geçirilmegi müňýyllyklara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly goşant goşýandygyny nygtadylar.
Dabaranyň çäklerinde muzeý gymmatlyklarynyň, nepis we amaly-haşam sungat eserleriniň hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän surat sergisiniň açylyşy geçirildi. Bu sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi we iki ýurduň halklarynyň aýrylmaz medeni gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow bilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.Nazarbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda teatr, aýdym-saz, kino we şekillendiriş sungaty ulgamynda hyzmadaşlygy ösdürmek hem-de medeni alyş-çalşy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da taraplar iki ýurduň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti gadymy Ürgenç we Hywa şäherleriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç etdiler.
22-23-nji oktýabrda Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky aýdym-sazly drama teatrynyň sahna eseri tomaşaçylara hödürlenip, bu eser myhmanlardan ýokary baha aldy.
24-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki “Özbegistan” Halkara forumlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aýdym-sazly ýapylyşyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertine tomaşa etdiler.