Taryhynda ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy. Aziýa 3-nji saýlama tapgyrynda “A” toparçada Eýranyň ýygyndysyndan soň 2-nji ýeri eýelän özbeklere Timur Kapadze tälimçilik edýärdi.
Italiýaly ozalky meşhur futbolçy, Dünýä Kubogynyň ýeňijisi, “Altyn top” baýragynyň eýesi Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi wezipesine bellendi. Şertnamanyň möhleti häzirlikçe 2026-njy ýylda Meksika, Kanada we ABŞ-da geçiriljek Dünýä Kubogy ýaryşy tamamlanýança bolup, onuň möhleti uzaldylyp bilner. Metbugatda çykan habarlara görä, 52 ýaşyndaky Kannawaro 1 ýyllyk 4 million ýewro golaý hak alar.
Kannawaro tälimçilik karýerasyna 2014-nji ýylda Hytaýyň “Guançžou Ewergrand” toparynda başlap, ol soňlugy bilen, “Al-Nassr” (Saud Arabystany), “Tianszin Tianhaý”, soňra ýene-de 4 ýyllap “Guançžou Ewergrand”, gysga wagtlyk Hytaýyň milli ýygyndysyna, Italiýada “Benewento”, “Udineze” klublaryna tälim berdi. Geçen möwsüm Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” toparynda işlän Kannawaro futbolçylyk ýyllarynda “Napoli”, “Parma”, “Inter”, “Ýuwentus”, “Real Madrid”, “Al-Ahli” (Dubaý) klublarynda oýnady.
PDF









