Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Premýer-ministr Şahbaz Şarifiň çakylygy boýunça 5–6-njy fewralda döwlet sapary bilen Pakistanda bolar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň dowamynda Yslamabatda Mirziýoýewiň Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Premýer-ministr Şahbaz Şarif bilen gepleşikleri, şeýle hem Strategik hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiň birinji mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Duşuşyklaryň üns merkezinde strategik hyzmatdaşlygy we köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak bolar. Taraplar syýasy dialogy berkitmegi, hökümetara, parlamentara, işewürlik we sebitara aragatnaşygy ösdürmekligi, haryt dolanyşygy artdyrmagy hem-de senagat, ulag we infrastruktura, syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalary ilerletmekligi, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle-de möhüm halkara we sebit gün tertibine degişli pikir alyşmalar bolar. Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama hem-de wajyp ugurlarda ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.
Özbek lideriniň iki ýurduň öňdebaryjy işewürlik toparlarynyň wekilleriniň işewürlik forumyna gatnaşmagyna garaşylýar.
PDF









