Döwletimiziň milli baýlygy bolan ak pagtanyň ýygymyna köpçülikleýin girişilen pursatlarynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan, Lebap welaýat Polisiýa bölüminiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň gatnaşmagynda Çärjew etrap pagta arassalaýjy kärhanasynda “Milli baýlygymyzy ýangyn howpundan goralyň” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Çärjew etrap pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleri, hünärmenleri, şeýlede etrabyň edara guramalaryndan, kärhanalaryndan daýhan birleşiklerinden awtoulag bölüminden wekiller gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni Çeper Jumaýewa, “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Rejepgül Huddyýewa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri N.Durdybaýewa dagylar çykyşlar edip, ýangyn howpundan goramak, ýangynyň döräp biläýjek sebäpleri dogrusynda ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen düşündiriş işleri geçirildi. Tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylan ýangyn howply çäklerde hyzmat edýän awtoulaglaryň sürüjilerini ulaglaryň tüsse çykaryjylarynyň ýörite serişdeler bilen üpjün edilmegi düşündirildi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň baýlygyna deňelýän ak pagtany ýangyndan goramak baradaky işleri wagyz nesihat etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň dürli temalarda eden çykyşlary bolsa maslahatyň täsirligini artdyrdy. Şeýle okuw maslahatlaryny, wagyz-nesihat işlerini ýygy-ýygydan geçirmeklik meýilleşdirildi.
Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.
PDF









