Şu ýylyň 21-nji noýabrynda Tailandyň paýtagty Bangkokda geçiriljek “Miss Universe” gözellik bäsleşigine ilkinji gezek Palestinadan hem wekil gatnaşar. 27 ýaşly Nadine Aýub bu bäsleşikde öz ata Watanyna wekilçilik etmäge taýýarlanýar. ABŞ-da dünýä inen Aýub birnäçe ýyl Kanadada ýaşapdyr. Häzirki wagtda Dubaýda ýaşaýan gözel zenan 2022-nji ýylda “Miss Palestine” baýragynda täç geýipdir. Bu barada redaksiýasy Abu-Dabide ýerleşýän “The National” neşiri habar berýär.
“The Miss Universe” guramasy Nadin Aýubyň 74-nji gezek geçiriljek bäsleşige gatnaşjakdygyny mälim etdi. Gurama bäsleşige dünýäniň 130-dan gowrak ýurdundan wekilleriň gatnaşjakdygyny habar berdi.