Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan gözbaş alýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz ata Watanymyza, ösüşli döwrümize bolan buýsanjymyzy barha beýgeldýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň düýp özeninde hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasy, türkmen Bitaraplygynyň mazmunyndan gelip çykýan umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer taglymatlar durýar. Bu asylly başlangyç Ýer ýüzünde ählumumy durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmakda, dialogy ilerletmekde we parahatçylykly gatnaşyklary has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda bu Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. Degişli resminamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslary kesgitlenilýär.
Golaýda Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirmegi hem-de onda durky täzelenýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy uzak geljegi nazarlaýan dürdäne paýhasy bilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiziň taglymat derejesine çykandygyna bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Milli Liderimiziň: «Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýen buýsançly sözleri bolsa kalbymyza Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabarasy älem aýlanjak tutumly toýuň ýakymly duýgularyny bagyşlady.
Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäde parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde giňden tanalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Döwletimiz häzirki wagtda dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalarynyň 50-den gowragynyň agzasy bolmak bilen birlikde, halkara konwensiýalardyr şertnamalaryň hem 180-den gowragyna gatnaşýar. Parahatçylyksöýüji daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan döwletimiz Garaşsyzlygyň geçen ýyllarynyň dowamynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezine öwrüldi.
Häzirki zaman dünýäsiniň gün tertibinde parahatçylygy üpjün etmek ählumumy mesele bolup, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynda özara düşünişmek arkaly tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Şunda Türkmenistanyň öňe sürýän ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen oňyn başlangyçlary parahatçylyk we ylalaşyklylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly goşantdyr. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlaryň halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna-da oňyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr.
Ýurdumyzda ajaýyp ýylymyzyň adyny hem many-mazmunyny dabaralandyrmak bilen bagly çäreleriň giň toplumy geçiriler. Bu hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň we tutuş adamzadyň ykbalyna iňňän ýokary derejede jogapkärli garaýandyklaryna şaýatlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýandygyny görkezýär. Aslynda, ýurdumyzyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýäniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, şunda hukuk we kadalaryň institutlaýyn gurallara esaslandyrylmalydygy äşgärdir.
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.