Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak durnukly ösüşiň esasy şertleri bolup durýar. Sebitara hyzmatdaşlyk bolsa bu şertleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi döwletleriň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösmegi diňe bir ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmän, eýsem, halkara derejede syýasy, durmuş ugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda eden çykyşynda şeýle belledi: «Biz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitleriň ykdysady hyzmatdaşlygyň esasyny düzmelidigine ynanýarys. Islendik iri ykdysady, üpjünçilik, söwda we maýa goýum taslamalary diňe durnuklylyk hem-de birek-birege ynam bolan ýagdaýynda üstünlikli bolup biler». Mälim bolşy ýaly, sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk söwda, energetika, ulag, ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Türkmenistan halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň, energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär.
Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz maslahatyň münberinden eden çykyşynda belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşyk gatnaşyklaryna, hususan-da iri energetika, ulag we elektrik energetika taslamalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem belläp geçişi ýaly, maslahatda ähli ugurlar boýunça ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär.
Bu günki gün Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe (Lapis Lazuli), Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman – Katar, TRACECA halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Şeýle-de döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylmagy, Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi ýurdumyzyň başlangyjy esasynda iri ulag-kommunikasiýa taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi gazanmakda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy bolmagynda oňyn başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň howpsuz üstaşyr geçelgeler arkaly halkara bazarlarda elýeterli bolmagyny gazanmak, söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly we köpugurly ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak babatdaky amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkesin! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar günlerimiz dowamat dowam bolsun!
Jeren ILAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.