Parižiň meri Ann Idalgo 2022-nji ýylda Fransiýada geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgärligini yglan etdi.  Prezidentlige dalaşgär Anne Idalgo partiýa agzalarynyň sesleriniň 70%-den gowragyna eýe boldy. Ol Fransiýanyň paýtagtyna ýolbaşçylyk eden ilkinji zenan. Ol özüniň saýlawlarda ýeňiş gazanmak mümkinçiliginiň bardygyna ynanýar.

Fransiýanyň Sosialistik partiýasynyň agzasy Ann Idalgo, saýlaw meýilnamasynyň jikme-jikligini aýtmady, ýöne saýlawlaryň öňüsyrasynda fransuzlar bilen açyk gepleşik geçirjekdigini wada berdi. Idalgo daşky gurşaw meselelerine uly üns bermegi meýilleşdirýär, bu ugurda halkara ýurisdiksiýasyny goldaýar we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň peýdasyna ýadro elektrik stansiýalaryndan has ir ýüz öwrülmegini meýilleşdirýär.

Ann Idalgo karýerasynyň başynda 1984-nji ýylda Şewilli-Larýu kommunasynda zähmet gatnaşyklary boýunça gözegçi bolup başlady. 1997-nji ýyldan bäri ýurduň hökümetinde dürli wezipelerde işledi, 2001-nji ýylda Parižiň häkiminiň kömekçisi wezipesine bellendi. 2014-nji ýylda ilkinji gezek Parižiň häkimi wezipesine saýlanyp, 2020-nji ýylda ikinji möhlete saýlandy.

Fransiýada geçiriljek Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2022-nji ýylyň 10-njy aprelinde meýilleşdirilýär. Ikinjisi, dalaşgärleriň hiç birisi sesleriň aglaba köplügini almasa 24-nji aprelde geçiriler. Bu Prezident saýlawy, Bäşinji Fransiýa Respublikasynyň taryhynda on ikinjisi bolar. Şu güne çenli 13 dalaşgär prezidentlige dalaş etmek isleýändigini mälim etdi, ýöne synçylar bu sanawyň giňelmegine garaşýarlar.