Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» kabul eden Kararynyň esasynda amala aşyrylan taýýarlyk işleri gojaman Hazaryň türkmen kenaryny toý lybasyna besledi. Bu dünýä ähmiýetli forumy üstünlikli geçirmek, onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda beren tabşyryklarydyr görkezmeleriniň miwelerini bu gözel mekanyň her bir künjeginde görmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, BMG tarapyndan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hökmünde hasaba alnan 32 döwletiň 16-sy Afrikada, 12-si Aziýada, 2-si Latyn Amerikasynda, 2-si Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen bu halkara maslahata gatnaşyjylaryň dünýäniň ähli yklymlaryna diýen ýaly wekilçilik edýändiklerini görkezýär. Diýmek, bu forum ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterer.
Forumyň dowamynda jemi 7 ugur boýunça guraljak çäreleriň çäklerindäki mejlislerde, tegelek stollarda, söhbetdeşliklerde, pikir alyşmalar bilen bir hatarda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hem dürli çäreler guralar. Munuň özi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly ýardam berer.
Parlament diplomatiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ýokary derejeli ýedi forumyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Soňky ýyllarda Mejlisiň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi düýpli giňedi. Daşary ýurtlaryň 40-dan gowragynyň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn esasda dostluk toparlarynyň hereket etmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Şeýle düzümler hyzmatdaş döwletleriň kanun çykaryjy edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin hemişelik meýdança bolup, olar bilen açyk we netijeli dialog üçin amatly guraldyr.
Parlament diplomatiýasy ýurtlaryň milli daşary syýasy strategiýalaryny netijeli durmuşa geçirmekde möhüm serişde, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde kanun çykaryjy edaralaryň täsir etmeginiň ýörite guraly bolmaga, durnukly ösüş institutlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, döwletara gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurtlar üçin möhüm zerurlyk bolup durýar. Şunda parlament diplomatiýasynyň üsti bilen gatnaşyklary ýola goýmak hem ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Hususan-da, ulag, energetika, senagat hyzmatdaşlygy ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk goldawyny döretmek we herekete getirmek wajyp meseledir.
570 milliondan gowrak ilaty bolan, dünýäniň syýasy kartasynda şeýle özboluşly ýerleşişe eýe bolan döwletleriň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňyn täsir eder. Halkara maslahatyň çäklerinde parlament forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy ýaly ugurdaş maslahatlaryň geçirilmegi-de göz öňüne tutulýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän parlament forumyna häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, milli parlamentde geçen 2024-nji ýylda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag we söwda ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanmaga itergi berýär.
Şunlukda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň esasy maksady dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän bu döwletlere özlerini gyzyklandyrýan meseleleri çözmeklerine ýardam bermekden, olaryň öz arasynda, şonuň ýaly-da, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine goşant goşmakdan ybaratdyr.
Elbetde, BMG-niň bu iri halkara forumynyň ýokary derejedäki maslahatlaryň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen ata Watanymyzda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly baýramlaryna barylýan döwürde geçirilmeginiň uly manysy hem-de ähmiýeti bar. Çünki onda orta atylýan meseleler diňe bir foruma gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň geljegine dahyllydyr.
Begençmuhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.