Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda Niderlandlarda möhletinden öň parlament saýlawlary geçiriler. Bu barada Patyşalygyň içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ýudit Outermark habar berdi. Outermark Saýlaw geňeşiniň bu senäni kesgitläninde “köp ýagdaýlary” göz öňünde tutandygyny aýtdy.
Niderland häkimlikleri birleşiginiň maglumatlaryna görä, deslapky hasaplamalara görä, saýlawlary guramak we geçirmek üçin, takmynan 105 million ýewro gerek bolar.
3-nji iýunda Erkinlik partiýasynyň lideri Gert Wilders Niderlandlaryň migrasiýa syýasatyny güýçlendirmek üçin hödürlän meýilnamasyna goldawyň ýoklugy sebäpli dolandyryjy bileleşikden çekiljekdigini habar berdi. Öňki parlament saýlawlarynda iň köp orun alan Erkinlik partiýasynyň yza çekilmegi dolandyryjy bileleşigiň dargamagyna we hökümetiň çökgünligine sebäp boldy. Soňra Premýer-ministr Dik Shof işinden çekilýändigini habar berdi. Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksander Erkinlik partiýasynyň ministrleriniň işinden çekilmegini kabul etdi, ýöne Premýer-ministrden we beýleki ministrlerden täze hökümet gurulýança işlemeklerini haýyş etdi.