Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamasyna laýyklykda, şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde guraljak parlamentara foruma taýýarlyk görülýär. Şunda bu forumyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty esasynda gazanan oňyn tejribesini, halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. Forumyň many-mazmunyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek maksady bilen, Mejlisde guramaçylyk iş topary döredildi.
Bu barda 1-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa habar berdi.