23-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň we Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň agzalaryndan düzülen parlamentara dostluk toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary soňky ýyllarda has-da pugtalanyp, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlyk gazanylýar.
Şeýle hem taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.
Duşuşygyň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada bellediler. Şunuň bilen birlikde, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, kanunçykaryjylyk ulgamynda birek-birek bilen tejribe alyşmagyň, bilelikdäki çäreleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny, bu ugurda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlaryny we duşuşyklary guramagyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.