Bahardan tomsa, tomusdan güýze, güýzden gyşa geçilende diňe howa däl, adam bedeni, adamyň ruhy ýagdaýy hem üýtgeýär. Gije bilen gündiziň dowamlylygynyň üýtgemegi netijesinde ýere düşýän Gün şöhlesi hem azalyp, köpelýär. Netijede, howadaky çyglylygyň möçberini hem üýtgeýär. Bularyň ählisi adam bedeninde dürli alamatlary ýüzer çykaryp bilýär. Ýeterlik derejede uklasaň hem özüňi ýadaw duýmak, dürli allergiýalar, keýpsizlik ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýär.
Howanyň temperaturasynyň birden üýtgemegi adam bedeniniň wagtlaýyn gowşadyp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda ýüze çykyp biljek nähoşluklaryň öňüni almak üçin antioksidantlara baý miwedir gök önümleri iýmek, şekerli we gaýtadan işlenen iýmitlerden saklanmak maslahat berilýär. Günüň ir dogup, giç batmagy gündelik uky endigini üýtgetmegi mümkin. Şol sebäpli wagty bolanda ýatyp, ýeterlik derejede uklamak hem zerur hasaplanýar. Bedeniň “biologik sagadyna” laýyk hereket etmek özüňini şähdajyk duýmagyňyza ýardam eder.
Rahat uklamak üçin günden azyndan 30 minutlyk ýöremek hem peýdalydyr. Gündizine belli bir wagt açyk howada gezelenç etmek hem bedeniň D witaminini almagy üçin gereklidir. Şeýle ýagdaýda aşa yssy howada daşary çykmakdan saklanmaly.
Göwher Öwezowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.