Professor Mişel Doerti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň astronomy wezipesine bellendi. “The Telegraph” gazetiniň habaryna görä, ol bu wezipäni eýelän ýurduň taryhynda ilkinji zenandyr. Martin Riz 30 ýyl işläp pensiýa çykandan soň Doerti bu wezipäni eýeledi. Patyşalygyň astronomy wezipesi 1675-nji ýylda döredilipdi. Şol döwürde ol ýyldyzlara seredip, deňiz nawigasiýasy bilen meşgullanýardy. Häzirki wagtda astronom kosmos pudagyndaky täze açyşlar barada monarha habar berýär.
Mişel Doherti Londonyň Imperial kollejinde astrofizik bolup zähmet çekýär. Gözlegleri üçin Gün ulgamynyň äpet gaz planetalary: Saturn we Ýupiter bar. Onuň ylmy gyzyklanmalaryna Gün ulgamyndaky äpet gaz planetalary bolan Saturny we Ýupiteri öwrenmek degişlidir.