Pul we üstünlik adamy üýtgetmeýär, diňe onuň hakyky ýüzüni açyp görkezýär.
Will Smit.

Eger durmuşy öňünden çaklap bolýan bolsady, onda ol gyzyksyz we tagamsyz bolardy.
Eleanoro Ruzwelt.

Bagtly durmuşyň syry öz wezipäňe düşünmek we ony ýerine ýetirmekdir.
Genry Ford.

Durmuş barada ýazmak üçin, ilki ony ýaşap görmeli.
Ernest Hemingueý.

Durmuşyň saňa berýän ýaralaryny pähim-paýhasa öwür.
Opra Winfriý.

Siziň ýeňileniňiz möhüm däl. Siziň göreşmegiňiz möhümdir!
Leonid Zorin.

Durmuşyň hödürleýän taýýar zadyny alma. Öz eliň bilen bir zat gurup, has gowusyna ymtyl.
Eşton Kutçer.

Haçan-da bir netijä geleniňizde, şu elmydama ýadyňyzda bolsun: abraý gazanmak üçin onlarça ýyl gerek, emma ony ýykmak üçin bäş minut ýeterlik.
Worren Baffet.

Adamzada bolan ynamyňyzy ýitirmäň! Adamzat ummandyr. Ummanyň içine birnäçe hapa damja düşse-de, tutuş umman hapalanmaz.
Mahatma Gandi.

Seniň durmuşyňda iň möhüm iki gün bar: biri dünýä inen günüň, beýlekisi bolsa näme üçin dünýä ineniňe düşünen günüňdir.
Mark Twen.

Paýhaslylyk adamlaryň gowy häsiýetlerini goldap, erbet häsiýetlerine bolsa sabyrly bolmakdyr.
Wilýam Somerset Moem.

Eger alýan zadyň göwnüňden turmasa, berýän zadyňy üýtget.
Karlos Kastaneda.

Şowsuzlygyň gaçyp gutulgysyzdygyny bilýänler, köplenç, uly üstünliklere ýetýärler.
Koko Şanel.

Eger durmuşyňyz doly gözegçilikde ýaly görünýän bolsa, onda siz şol bir duran ýeriňizde duransyňyz ýa-da gaty haýal hereket edýänsiňiz.
Mario Andretti.