Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançesiň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan resmi sapary dowam edýär. 11-nji aprelde başlanan we 15-nji aprele çenli dowam etjek bu sapar Madrid bilen Pekiniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy maksat edinýär.
Häzirki wagtda Ispaniýanyň hökümet baştutany Pekinde ýokary derejeli duşuşyklary geçirýär. Saparyň dowamynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpin, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan we beýleki resmi adamlar bilen gepleşikler meýilleşdirildi. Esasy üns dünýä ykdysadyýetindäki täze ýagdaýlara, söwda gatnaşyklaryna we sebitdäki durnuklylygy saklamak meselelerine gönükdirilýär.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Niniň bellemegine görä, bu sapar iki ýurduň arasyndaky özara ynamy berkitmek we köptaraplaýyn gatnaşyklarda utgaşykly hereket etmek üçin möhüm pursatdyr. Pedro Sançesiň soňky dört ýylda Hytaýa dördünji gezek gelmegi, Ispaniýanyň Aziýa sebiti bilen durnukly we netijeli hyzmatdaşlygy saklamaga uly ähmiýet berýändigini subut edýär. Gepleşikleriň barşynda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar we halkara ähmiýetli beýleki meseleler barada hem pikir alşylmagyna garaşylýar.
PDF









