Pekiniň ýaşaýjylary hytaý Täze ýyly hökmünde belli bolan Bahar baýramyny garşy almaga taýýarlanýarlar. 2026-njy ýylda Bahar baýramy (Çunsze) 17-nji fewrala geçilýän gijä düşýär. Gündogar senenamasyna laýyklykda, şol gije 2027-nji ýylyň 15-nji fewralynda tamamlanjak Gyzyl ot atyň ýyly başlanýar. 15-nji fewraldan Hytaýda bu baýram bilen baglylykda, uzak dynç günleri başlandy. Baýramçylyk 23-nji fewrala çenli dowam eder.
Hytaý Täze ýylynyň hormatyna Pekin eýýäm gyzyl reňkdäki baýramçylyk bezeglerine, şol sanda ýylyş nyşany bolan at şekillerine beslendi.
Hytaý Täze ýyly Hytaýda hem-de Gündogar Aziýada iň esasy we dowamly baýramçylykdyr. Ol täzelenişi, maşgala jebisligini, şatlygy we geljege umydy aňladýar. Onuň senesi üýtgäp durýar we Aý senenamasy boýunça bellenýär.