19-njy sentýabrda Pekin şäherindäki Parahatçylyk seýilgähinde 12-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. Bu çäre Hytaýyň Halkara Parahatçylyk gaznasy we Pekiniň Halkara Parahatçylyk medeniýeti gaznasy tarapyndan şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň Hytaýdaky Ilçihanalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.
Festiwala daşary ýurtlaryň Hytaýdaky ilçileri we diplomatlary, halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we beýleki myhmanlar gatnaşyp, medeniýetara düşünişmegi we parahatçylygy öňe sürmegi dabaraly ýagdaýda bellediler.
Şu ýylky Festiwal “Ýüpek ýolunyň ugrunda parahatçylygy döretmek üçin tagallalary birleşdirmek” şygary astynda geçirilip, dünýä derejesindäki möhüm meseleler – dawaly ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, global dolandyryş, medeniýetara hyzmatdaşlyk, Ýüpek ýollary boýunça medeni alyşmalar, ýaşlaryň ösüşi we halkara ynsanperwer kömegi ýaly temalar boýunça çykyşlary we pikir alyşmalary öz içine aldy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Parahat Durdyýew çykyş edip, 2025-nji ýylyň Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýändigine aýratyn ünsi çekdi. Ol bu sene bilen baglanyşykly BMG-niň ýörite Kararnamalarynyň kabul edilendigini belledi.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde deňhukuklylygyň öňe sürülýändigini aýtdy. Bu ýörelge beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynda çuňňur şöhlelenýär.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan milli mirasa bagyşlanan giň gerimli surat we halk senetçiligi sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri (hytaý dilindäki neşirleri bilen bilelikde), häzirki zaman Türkmenistanyň durmuşyndan suratlar, taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekilleri, gadymy sungat we senetçilik önümleri, milli şaý-sepler we türkmen medeniýetiniň nyşanlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Festiwalyň myhmanlaryna türkmen milli tagamlary hem-de türkmen hususy telekeçiler tarapyndan taýýarlanan süýji-köke önümleri hödürlenildi.
Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň “Ýüpek ýollary” maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan häzirki zaman taslamalara hem üns çekildi.
Çäräniň çäklerinde 2025-nji ýylyň “Ýaşlaryň gözi bilen Ýüpek ýoly” atly surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.