Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Pe­ki­ne bo­lan iş sa­pa­ry­nyň jem­leý­ji gü­nün­de Halk ýyg­nak­lar öýün­de HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len du­şuş­dy.

Du­şu­şy­gyň öňü­sy­ra­syn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hem-de HHR-iň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de su­ra­ta düş­dü­ler.

Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän hem-de uzak gel­je­gi na­za­ra alyp ýo­la go­ýul­ýan türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Du­şu­şyk ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň HHR-e iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Şol res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş güm­rük eda­ra­sy­nyň ara­syn­da Yg­ty­ýar­ly Yk­dy­sa­dy Ope­ra­tor­la­ry mak­sat­na­ma­sy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma bar.