Pe­ru­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Bar­ran­ka se­bi­tin­de 3500 ýyl­lyk ga­dy­my şä­her ta­pyl­dy. Pe­ni­ko diý­lip at­lan­dy­ry­lan ilat­ly ýe­riň Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da ýa­şa­ýan halk­lar bi­len And dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de we Ama­zon­ka bas­seý­nin­de ýa­şa­ýan ýer­li halk­la­ryň gat­na­ýan ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şip, esa­sy tä­jir­çi­lik mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Paý­tagt Li­ma­nyň 200 ki­lo­metr çe­me­si de­mir­ga­zy­gyn­da, de­ňiz de­re­je­sin­den 600 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Pe­ni­ko­nyň mi­la­dy­dan ozal­ky 1800-1500 ýyl­lar ara­ly­gyn­da dö­re­di­len­di­gi çak­la­nyl­ýar. Bu dö­wür Me­so­po­ta­mi­ýa­da­ky, Mü­sür­dä­ki, Hin­dis­tan­da­ky we Hy­taý­da­ky il­kin­ji uly me­de­ni­ýet­le­riň beý­gel­ýän döw­rü­ne ga­bat gel­ýär.
Pe­ni­ko Ame­ri­ka­nyň mä­lim bo­lan iň ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti ha­sap­lan­ýan Ka­ral­dan o di­ýen uzak­da däl. Ar­heo­log­lar 8 ýyl do­wam eden ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de şä­her­de 18 bi­na­nyň ga­lyn­dy­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Şeý­le hem bu ýer­den heý­kel­jik­ler, adam­la­ryň we haý­wan­la­ryň dür­li şe­kil­le­ri, ba­lyk­gu­lak­lar­dan ýa­sa­lan be­zeg şaý­la­ry ýa­ly zat­lar ta­pyl­dy.

Gur­ban­mäm­met AMA­NOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.