Geçen hepdäniň ýekşenbesinde Peruda Prezident saýlawy geçirildi. “Halkyň güýji” partiýasynyň dalaşgäri, ýurduň öňki döwlet baştutany Alberto Fuhimoriniň gyzy Keýko Fuhimori sesleriň köp bölegini alyp, öňde barýar. Günorta Amerikadaky bu döwletiň täze lideri saýlawyň ikinji tapgyrynyň netijesinde belli bolar. Ilkinji tapgyrda dalaşgärler saýlawçylaryň 50 göteriminiň sesini alyp bilmediler. Keýko Fuhimori ilkinji tapgyrda sesleriň 38,04 göterimini aldy. Beýleki dalaşgär, ýurduň öňki hökümet başlygy Pedro Pablo Kuçinski 25,48 göterim ses aldy. Saýlawyň ikinji tapgyry bu dalaşgärleriň arasynda geçiriler. Onuň 5-nji iýunda geçiriljekdigi habar berildi.
– Millionlarça perulynyň meni goldap, ses berendigi üçin öz hoşallygymy bildirýärin. Biz ýurduň ykdysady ösüşini has-da çaltlandyryp, ýurduň ähli künjeginde onuň miwelerini almagy maksat edinýäris. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döretmelidiris – diýip, Keýko Fuhimori gürrüň berdi.
Saýlaw düzgüni
Peruda hasaba alnan saýlawçylaryň sany 22,9 milliona golaýlaýar. Ýurduň ilatynyň sany bolsa 30,7 milliondan gowrak. Milli kanunçylyga laýyklykda, 18-70 ýaş aralygyndaky raýatlaryň ses bermäge hukugy bar. Geçen saýlawda halk iki sany wise-prezidenti, 130 deputatdan ybarat bir palataly kongresiň agzalaryny saýlady.
Ýurduň täze saýlanjak Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyny 28-nji iýulda geçirmek göz öňünde tutulýar we onuň wezipe möhleti 5 ýyl.
Dalaşgärleriň maksatnamalary
Keýko Fuhimori Perunyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra ýurduň milli ykdysadyýetini has-da ösdürmegi maksat edinýär. Milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak üçin dürli taslamalary maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi telekeçiligi ösdürmek üçin zerur işleri amala aşyrmak meýilnamalaşdyrylýar.
Pedro Pablo Kuçinski bolsa, öz gezeginde, telekeçiligi ösdürip, 1,5 million adama iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjek iri taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy öňünde maksat edip goýdy. Şeýle hem ol hukuk goraýjy organlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen polisiýa işgärleriniň aýlyk hakyny artdyrmagy maksat edinýär.