Perunyň wagtlaýyn Prezidenti Hose Mariýa Balkasar, Denis Miralýesi Ministrler Geňeşiniň başlygy wezipesine belledi we hökümetiň beýleki agzalaryna kasam kabul etdirdi. Bu barada ýurduň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
“Prezident Hose Mariýa Balkasar, Ministrler Geňeşiniň başlygy Denis Miralýesiň ýolbaşçylygyndaky täze Ministrler Kabinetiniň agzalaryna kasam kabul etdirdi. Bu geçiş döwrüniň administrasiýasy demokratik, aýdyň we tertipli saýlaw işini üpjün etmek üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýar” diýlip, X jemgyýetçilik ulgamynda çap edilen habarda aýdylýar.
Mundan ozal Miralýes ykdysadyýet we maliýe ministri wezipesinde işläpdi.
Täze hökümetde daşary işler ministri Ugo de Sela, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, saglygy saklaýyş we önümçilik ministrlerini goşmak bilen ýene-de birnäçe ministr öz wezipesini saklap galdy. Herado Lopes Gonsales täze ykdysadyýet ministri boldy.
Balkasar 18-nji fewralda Perunyň wagtlaýyn Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi we 10 ýylyň içinde döwletiň dokuzynjy Baştutany boldy. Ol 17-nji fewralda wezipesinden çekilen Hose Heriniň ornuna geldi. Ýurtda indiki döwlet Baştutanynyň saýlawy 12-nji aprelde geçirilmeli.
PDF









