“Phumjaithai” (“Tailandyň buýsanjy”) partiýasy, saýlawçylaryň sesleriniň 50 göteriminden gowragynyň hasaplanmagynyň netijeleri boýunça Tailandyň Wekiller palatasyna (parlamentiň aşaky palatasy) geçirilen saýlawlarda uly aratapawut bilen öňde barýar. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy tarapyndan ýekşenbe güni çap edilen deslapky netijeler şaýatlyk edýär.
Taýlandyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, “Phumjaithai” partiýasynyň lideri Anuthin Çanwirakun metbugat maslahatynda öz ýolbaşçylygyndaky partiýanyň ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny mälim etdi.
Halk partiýasynyň lideri Natthaphong Ryangpanýawut bolsa, öz gezeginde, mundan ozal başga bir metbugat maslahatynda eger “Phumjaithai” hökümeti düzse, öz partiýasynyň bäsdeş bolmaga taýýardygyny bildirdi.
PDF









