Ýurdumyzda oba hojaly pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler oba hojalygynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri üpjün edýär. Şol ugurlaryň biri hem halkymyzyň gadymy we milli ýörelgelerine daýanýan pileçilikdir.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda pile hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Pileçilik bilen meşgullanýan daýhan hojalyklary her ýylyň ýaz paslynda päk zähmetiň miwesini almak ugrunda ýokary görkezijiler gazanýarlar.
Şeýle ýokary görkezijiler ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan pileçilik işleriniň netijesinde gazanylýar. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk önümçiliginiň toplumlaýyn ösdürilýändigini, döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanylýandygyny görkezýär.
Pileçilik diňe bir ykdysady ähmiýetli ugur bolman, eýsem, ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň nusgasydyr. Türkmen halkynyň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden dürli matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir.
Serdar MUHAMMETNUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.