Dünýäniň iň gymmat Pokémon karty 16,5 million dollara satyldy. Finlýandiýanyň Yle neşiriniň habaryna görä, kart 42 gün dowam eden auksionda satyldy. Bu dünýä rekordydyr. Bu kart şu wagta çenli auksionda satylan iň gymmat kolleksiýa kartydyr.
CNN-iň berýän maglumatyna görä, amerikaly “YouTube” ýyldyzy we restler Logan Pol bu karty 2022-nji ýylda 4 million dollara satyn alypdy. Onuň öwezine ol şol bir kartyň has pes hilli görnüşini berdi. Şunlukda, kartyň şol wagtky gymmaty 5,25 million dollara deň boldy.
1990-njy ýyllaryň ahyrynda Pokémon surat bäsleşigi üçin döredilen Pikaçu şekilli seýrek kartyň jemi 39 nusgasy çykarylandygy çak edilýär. Satylan kartyň ýagdaýy kämil diýlip bahalandyrylýar.