“The Beatles” toparynyň agzasy, britan sazandasy Pol Makkartni 29-njy maýda «The Boys of Dungeon Lane» atly täze solo albomyny çykarýandygyny mälim etdi. Ol bu albomdan «Days We Left Behind» atly ilkinji singlini hem köpçülige hödürledi.
Garaşylýan plastinka Makkartniniň kariýerasynda eýýäm 18-nji albom bolar we 2020-nji ýylda çykan «McCartney III» albomyndan bäri ilkinji işidir. Täze albom artistiň Liwerpulda geçen çagalygyna we ýaşlygyna bolan retrospektiw (içki dünýäsine garalýan) seredişi hökmünde häsiýetlendirilýär.
Makkartni «Days We Left Behind» trekini «ýatlama aýdymy» diýip atlandyrdy. «Albomyň ady bolan “The Boys of Dungeon Lane” aýdymyň sözlerinden alyndy» diýip, sazanda belledi.
Ol yzda galan günler barada köp oýlanandygyny, “diňe geçmiş barada ýazýarynmykam” diýen soragy öz-özüne berendigini boýun aldy. Muňa garamazdan, Makkartni bäş ýylyň dowamynda hut şu nostalgiýa (geçmişe bolan küýseg) albomynyň üstünde işledi.
«Albomda Liwerpul barada ýatlamalar köp. Onuň ortasynda Jon we özümiň öň ýaşan köçäm — Fortlin‑roudyň bir bölegi bar. Dandjon-leýn bolsa onuň golaýynda ýerleşýär. Men Spek etrabynda — işçiler kwartalynda ýaşadym. Biziň hiç zadymyz ýok diýen ýalydy, ýöne munuň ähmiýeti hem ýokdy, çünki adamlar örän ajaýypdy» diýip, artist ýatlaýar.
Plastinka Makkartniniň we prodýuser Endrýu Ýuotyň söhbetdeşliginden başlanýar. Şol wagt Pol gitarada akkordlary barlaýardy we tanyş bolmadyk bir akkordy çaldy. Netijede, şol akkord «As You Lie There» aýdymynyň esasyny düzdi. Albomyň ýazylyşy gastrol saparlarynyň arasynda, Los-Anjelesde we Sasseksde amala aşyryldy.
PDF









