Polşanyň aýakgap dükanlarynyň birinde girizilen täze düzgün alyjylaryň arasynda uly närazylyk döretdi. “Onet” neşiriniň habar bermegine görä, eşik we aýakgap söwdasyna ýöriteleşen dükan indi aýakgaplary geýip görmegiň tölegli boljakdygyny mälim etdi. Dükan söwda zalynyň tekjelerinde degişli bildirişi ýerleşdirdi. Onda aýakgap geýip görmek hyzmaty üçin töleg alynjakdygy bellenilýär. Bu bildiriş gysga wagtyň içinde internetde ýaýrap, müşderileriň tankydyna we närazylygyna sebäp boldy.
Täze düzgünlere laýyklykda, şu möwsümden başlap, alyjylar aýakgap geýip görmek hyzmaty üçin 100 zloty tölemeli bolarlar. Dükan eýeleri bu täze çäräniň sebäbini şeýle düşündirdiler: müşderileriň köpüsi dükana gelip aýakgaplary geýip görýärler, emma soňra ony başga ýerden satyn alýarlar. Dükan bu tölegi girizmek arkaly maslahatçy-satyjylaryň iş ýüküni azaltmaga umyt edýär. Şunuň bilen birlikde, geýip görmek üçin tölenen puly bir ýylyň dowamynda şol brendiň önümlerini satyn almak üçin ulanyp bolýar.
PDF









