29-njy ma­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa Pol­şa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly Il­çi­si (bol­ýan ýe­ri Ba­ku ş.) Ra­fal Po­bors­ki­den ynanç hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny ka­bul et­di.
M.Bä­şi­mo­wa Il­çi­ni tä­ze we­zi­pä bel­len­me­gi bi­len gut­la­dy we alyp bar­jak iş­le­ri­niň iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi­ne go­şant goş­jak­dy­gy­na umyt bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de dip­lo­mat­lar öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän dür­li ugur­lar bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­jek­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Ta­rap­lar, şeý­le hem ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk pu­da­gyn­da tej­ri­be alyş­mak üçin öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy dö­ret­mek ar­ka­ly par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şi­niň gel­je­gi­ne se­re­dip geç­di­ler.
Iki ýur­duň hu­kuk bin­ýa­dy­ny tä­ze­le­me­giň we gi­ňelt­me­giň mak­sa­da­la­ýyk­ly­gy be­ýan edil­di.