Gadymy Oplontisde ýerleşýän Pompeiniň willasynda işleýän arheologlar topary täze freskalaryň tapylandygyny habar berdiler. Bu tapyndylar miladydan öňki I asyrda Rim elitasynyň ýaşaýyş derejesiniň näderejede kaşaň bolandygyny we olaryň çeperçilik ukyplaryny aýdyň görkezýär. Willa miladynyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde birnäçe metr galyňlykdaky külüň aşagynda galýar. Toplumyň uly bölegi şu wagta çenli doly öwrenilmän gelýärdi.
Diwara çekilen şekilleriň arasynda arheologlar teatr maskasynyň şekilini tapdylar. Maskanyň ýany bilen beýleki simwoliki şekiller hem tapyldy. Gazuw-agtaryş işleri willanyň binagärlik gurluşyny hem takyklamaga mümkinçilik berdi. Alymlar ozal nämälim bolan ýene dört sany otagy ýüze çykardylar, netijede resmileşdirilen ýerleriň umumy sany ýüzden geçdi. Täze tapyndylaryň arasynda apsidal zal (ýarym tegelek görnüşli zal) bolup, ol deslapky maglumatlara görä, hammam toplumy bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu bolsa rezidensiýanyň örän oňaýly we oýlanyşykly meýilleşdirilendigini görkezýär.
PDF









