Şu gün 8-nji fewralda Portugaliýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilýär. Ýokary döwlet wezipesi ugrunda birinji tapgyrda saýlawçylaryň iň uly goldawyna eýe bolan iki dalaşgär bäsleşýär. Olar – aşa sagçy «Besdir» (Chega) partiýasynyň lideri Andre Wentura we Sosialistik partiýanyň öňki baş sekretary Antoniu Žoze Seguru.
Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 08.00-da açyldy we 19.00-a çenli dowam eder. Ses bermegiň deslapky netijeleriniň gije yglan edilmegine garaşylýar.
Birinji tapgyrda dalaşgärleriň hiç biri sesleriň 50%-inden gowragyny alyp bilmändigi sebäpli, Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryny geçirmek zerurlygy ýüze çykdy. Iň soňky gezek beýle ýagdaý 1986-njy ýylda bolupdy.
Ýurduň kanunçylygyna görä, Prezident ählumumy göni we gizlin ses bermek arkaly 5 ýyl möhletine saýlanýar. Häzirki döwlet Baştutany Marselu Rebelu di Souza bu wezipä 2016-njy ýylda saýlanypdy, 2021-nji ýylda bolsa gaýtadan saýlandy. Kanunçylyk yzly-yzyna üç möhlete saýlanmaga rugsat bermeýändigi sebäpli, ol täzeden dalaşgär bolup bilmedi.
Prezidentlik wezipesine rekord derejede – 11 dalaşgäriň gatnaşmagyndaky birinji tapgyr 18-nji ýanwarda geçirilipdi. Ol saýlawçylaryň ýokary gatnaşygy bilen tapawutlandy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Seguru portugallaryň 31%-inden gowragynyň, Wentura bolsa 23%-den gowragynyň goldawyny alypdy.
Ses bermegiň öňüsyrasynda EFE agentligi geçirilen pikir soralyşygyň maglumatlaryny paýlaşdy, oňa görä ikinji tapgyrda Seguru ýeňiş gazanyp biler. Pikiri soralanyň 67%-i sosialistik partiýanyň öňki baş sekretaryna, 33%-i bolsa aşa sagçylaryň liderine ses bermäge taýýardyklaryny bildirdiler.
PDF









