UEFA Ýewropa Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary geçirilip, iňlis klublary ýeňşini baýram etdi. “Premier Ligada” şowsuz çykyş edýän bu iki iňlis kluby – “Mançester Ýunaýted” bilen “Tottenham” 3 golly ýeňiş gazanyp, finalyň bosagasyndan ilkinji ädimlerini ätdiler.
“Mançester Ýunaýted” final duşuşygynyň oýnaljak stadionynda, ýagny Bilbaoda ýerli “Atletik” bilen duşuşyp, garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň 30-njy minutynda Kazemiro hasaby açdy. 36-njy minutda ýer eýelerinden Dani Wiwiana emin gönümel gyzyl kart görkezdi. Şondan soň duşuşygyň jylawy myhmanlaryň eline geçdi. Şol pursatda Bruno Fernandeş penaltini dürs urup, hasaby 2-ä çykardy. Ol 1-nji ýarym tamamlanmanka, has takygy, 45-nji minutda ýene bir gezek tapawutlandy. 2-nji ýarymda şol hasap galdy we “Mançester Ýunaýted” 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. Öz meýdançasynda final duşuşygyny geçirip, kuboga ýetmegi maksat edinýän “Atletik Bilbao” topary häzirlikçe bu arzuwyndan daşrakda görünýär. Olaryň şu möwsümde Ýewropa Ligasynda ýeke oýunda hem utulmadyk “Mançester Ýunaýtedi” myhmançylykda azyndan öz meýdançalarynda hasap bilen ýeňmegi gerek.
Londondaky duşuşykda “Tottenham” topary bilen Ýewropa Ligasynda ýarym finala çykan 107-nji klub bolan “Bude-Glimt” (Norwegiýa) duşuşdy. Duşuşyga ýer eýeleri gol bilen başlady. Eýýäm 39-njy sekuntda Brennan Jonson hasaby açdy. 34-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde uzak aralykdan berlen topy Meddison derwezä gönükdirip, londonlylaryň 2-nji goluny geçirdi. Oýnuň 63-nji minutynda Dominik Solanke penaltini dürs urup, hasaby 3-0-a ýetirdi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 7 minut galanda, has takygy, 83-nji minutda norweg klubunyň ýyldyzy Ulrik Saltnes jogap duşuşygy üçin umyt goly bolup biljek pökgini tora girizdi. 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Tottenham” topary finala çykmak ugrunda bir ädim öňe saýlandy.