Slowakiýanyň Premýer-ministri Robert Fiso ýurduň iň uzyn ýol tunelini ulag gatnawlary üçin açyp, tigrçekli konkide gezelenç etdi. Muny görkezýän wideo Premýer-ministriň “Facebook” sahypasynda ýerleşdirilipdir. “Men tutuş tunelde tigirçekli konkide gezelenç etmek mümkinçiligini sypdyrmak islemeýärdim” diýip, Fiso aýtdy.
Slowakiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Žilina şäheriniň golaýyndaky dag gerişleriniň astyndan çekilen tuneliň gurluşygy meýilnamalardaky we maliýeleşdirme şertlerindäki üýtgeşmeler sebäpli 30 ýyla golaý dowam etdi. Onuň uzynlygy 7,5 kilometr. Desga işe girizilenden soň, awtoulag sürüjileriniň ýurduň günbatar sebitlerinden gündogar sebitlerine syýahat etmek üçin sarp edýän wagty ep-esli azalar.