2-nji noýabrda Tanzaniýada geçirilen prezident saýlawynda häzirki Prezident, häkimiýetdäki Çama Ça Mapinduzi partiýasynyň wekili Samiýa Suluhu Hassan 97,66% ses alyp ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy habar berdi.
Şeýlelik bilen, S.S.Hassan Tanzaniýanyň Prezident wezipesine saýlanan ilkinji zenan boldy. Ol ilkinji gezek prezidentlik wezipesine 2021-nji ýylyň martynda, şol wagtky lider Jon Magufuliniň ýürek-damar keselinden aradan çykmagyndan soňra wagtlaýyn belenipdi.
Tanzaniýalylar her bäş ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlarda prezidenti, parlament agzalaryny we ýerli geňeşleriň agzalaryny saýladylar. Döwlet baştutanlygyna 17 partiýa dalaşgär görkezdi, 18 partiýa parlamentde we ýerli geňeşlerde orun almak üçin bäsleşdi.
PDF








