Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 3-4-nji fewralda Pakistana döwlet sapary bilen barar. Bu barada Akordanyň metbugat gullugy mälim etdi.
Maglumata görä, saparyň dowamynda Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif we ýurduň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen gepleşikler geçiriler. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Prezident Tokaýewiň Gazagystan-Pakistan işewürler forumyna hem gatnaşar.