12-nji martda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň wezipesine has mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen has mynasyp diýip hasap eden dalaşgärine ses berip, konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Milli Liderimiz öz käbesine belent sarpa goýmak bilen, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşuly nesle hem-de ýurdumyzda aýratyn alada we hormat bilen gurşalyp alnan eneleriň mertebesini belende götermegiň nusgasyny görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz milli we halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli syýasy çäre – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Şunda 9 dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine bellige alyndy. Olar halkyň ynamyna mynasyp bolan adamlardyr, şol mynasybetli hem şu gezekki saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Milli Liderimiz Watanymyzyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm çäräniň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçjekdigine ynam bildirdi, munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär. Halkyň uly ynam bildirip, saýlan Prezidenti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhmedow bu taryhy jemgyýetçilik-syýasy çäräniň umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, hemmelere asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.