Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge gönükdirilen bimöçber aladalaryň netijesinde, ýurdumyzda adam saglygy iň ýokary derejede saklanýar.
Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr.
Häzirki döwürde saglyk adamlar üçin has möhüm gymmatlyga öwrülýär. Keselleriň ýoklugy we özüňi gowy duýmak bagtyýarlyk we durmuşdan kanagatlanmak üçin esas bolup durýar. Ýöne fiziki we psihiki abadançylygy üpjün etmek beýle bir aňsat däl.
Bu ýerde fiziki we psihiki ýagdaýyň özara baglanyşygyny öwrenýän sagdyn durmuş ýörelgesiniň psihologiýasy kömege gelýär. Bu ugur saglyga täsir edýän faktorlary we olary nähili dolandyrmalydygyny öwrenýär, şeýlelikde durmuşda sazlaşyk emele gelýär.
Fiziki we psihiki saglygy saklamak ulgamlaýyn çemeleşmäni we özüňi tanamagy talap edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek zerurdyr, bu bolsa dogry iýmitlenmegi, yzygiderli bedenterbiýäni, zyýanly endiklerden ýüz öwürmegi we ruhy ýagdaýy gözegçilikde saklamagy öz içine alýar. Bu elementler biri-biri bilen baglanyşykly bolup, adam bedeniniň umumy ýagdaýyna täsir edýär.
Psihologiýanyň fiziki saglyga täsiri
Häzirki wagtda adamlar fiziki saglygyna barha köp üns berýärler. Emma psihologiýanyň hem fiziki saglygymyz üçin örän uly ähmiýeti bar. Psihiki ýagdaýymyz bilen fiziki saglygymyz berk baglanyşyklydyr, ony durnukly saklamak bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine ýetmegiň açarydyr.
Psihologiýa biziň pikirlerimiziň, duýgularymyzyň we hereketlerimiziň arasyndaky baglanyşygy öwrenýär. Ol emosional we psihiki ýagdaýymyzyň fiziki saglygymyza nähili täsir edýändigini düşündirýär. Stress, alada we depressiýa ýaly duýgular ýüregimize, immun ulgamyna we beýleki organlarymyza zyýan ýetirip biler. Pozitiw psihologiki ýagdaý bolsa fiziki saglygyň saklanmagyna we umumy abadançylyga kömek edýär.
Psihologiýanyň fiziki saglyga täsir edýän esasy taraplarynyň biri hem özüňe we bedeniňe bolan garaýyşdyr. Özüňi oňyn häsiýetlendirmek, özüňe bolan ynam fiziki saglygyň goralmagyna ýardam edýär. Adamyň öz bedenini kabul etmegi we oňa söýgi bilen ideg etmegi bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, dogry iýmitlenmegi we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi ýeňilleşdirýär.
Mundan başga-da, psihologiýa şahsy gatnaşyklaryň hem fiziki saglyga uly täsir edýändigini görkezýär. Maşgalamyz, ýakynlarymyz bilen gatnaşyklarymyz beden ýagdaýymyza täsir edýär. Bize berilýän goldaw we düşünişmek stres derejesini peseldýär we saglygymyzyň gowulanmagyna kömek edýär.
Şeýlelikde, psihologiýa fiziki saglygymyza täsir edýän möhüm faktordyr. Saglygymyzy goramak üçin pikirlerimiziň, duýgularymyzyň we hereketlerimiziň arasynda baglanyşyk bolýandygyna düşünmek zerurdyr. Özüňe bolan oňyn garaýyş, öz bedeniňi gowulandyrmak fiziki saglygyň saklanmagynda esasy ýagdaý bolmagynda galýar.
Psihologiki rahatlyk sazlaşyk, ynam we rahatlyk ýagdaýydyr, ol adamyň umumy özüni duýşuna täsir edýär. Bu ýagdaý stress bilen göreşmäge kömek edýär, psihiki we fiziki keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Eger biz psihologik taýdan rahat bolsak kynçylyklardan ýeňillik bilen baş alyp çykyp bilýäris, maksatlarymyza ünsi jemläp bilýäris we fiziki taýdan işjeň bolýarys.
Psihologiki rahatlygyň möhüm taraplarynyň biri öz ruhy ýagdaýyňy tanamak we kabul etmekdir. Duýgularymyzy tanamagy we olary beýan etmegi başaran ýagdaýymyzda, bedendäki dartgynlylyk azalýar we fiziki ýagdaý gowulaşýar. Emosiýalara gözegçilik etmek stresiň täsirinden goranmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, psihologiki rahatlyk oňyn pikirlenmegi ösdürmäge kömek edýär. Pozitiw garaýyş we optimizm fiziki saglyga oňyn täsir edýär, sebäbi olar endorfinleriň – bagt gormonlarynyň işlenip çykmagyna kömek edýär. Bu bolsa dürli keselleriň öňüni alýar.
Allamyrat GALANDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.