Fransiýanyň Super Kubogy (Trophée des Champions) duşuşygynda çempion hem-de kubogyň eýesi PSŽ ýeňiş gazandy. Kuweýtiň paýtagty Kuweýt şäherindäki Jaber Al-Ahmad adyndaky Halkara stadionda geçirilen duşuşykda “Marsel” bilen duşuşan PSŽ 13-nji minutda Usman Dembeleniň goly bilen öňe saýlandy. Oýnuň 76-njy minutynda Meýson Grinwud penaltini dürs urup, hasaby deňledi. 87-nji minutda bolsa Paçonyň awtogoly bilen “Marsel” öňe geçdi. Ýöne oýna soň giren Gonsalu Ramuş ýene bir gezek toparyny ýeňlişden halas etdi. Ozalam telim gezek soňky minutlarda tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getiren ýa-da toparyny ýeňlişden halas eden portugaliýaly hüjümçi 90+5-nji minutda hasaby deňledi. Oýundan soň gönümel penalti urgulary geçirilip, PSŽ 4-2 hasabynda üstün çykdy we soňky 13 ýylda 12-nji, umumylykda-da 14-nji gezek Fransiýanyň Super Kubogyny gazandy. PSŽ topary 2013-nji ýyldan bäri diňe 2021-nji ýylda bu kubogy gazanyp bilmedi. PSŽ topary ilkinji 2 Super Kubogyny 1995-nji we 1998-nji ýyllarda eýeläpdi.
“Marsel” bolsa 14 ýyldan soň ilkinji kubogyny gazanmak mümkinçiligini elden giderdi. Olar soňky sapar 2012-nji ýylda Liga Kubogyny gazanypdy.
PDF









