Beýik rus şahyry Aleksandr Puşkiniň çowlugynyň ogly Wýaçeslaw Gusko 88 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS agentligi A.S. Puşkin adyndaky Döwlet muzeýine salgylanyp habar berýär.
Wýaçeslaw Gusko Puşkinleriň bäşinji nesliniň wekilidi. Ol Tatýana Guskonyň (gyz familiýasy Klimenko) ogludy we meşhur şahyryň göni nesli bolup durýardy. Şöhratly maşgalanyň nesli bolan bu şahsyýet, Lihýaçýew adyndaky zawodyň (ZIL) ulag-himiýa maşyngurluşygy konstruktorçylyk býurosynda 50 ýyllap zähmet çekdi.
Muzeýiň habar bermegine görä, Gucko 29-njy ýanwarda dünýäsini täzeledi. Geň galdyrýan ýeri, Aleksandr Puşkin hem (köne senenama boýunça) edil şol gün aradan çykypdy.
PDF









