Golaýda wezipesine girişen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar. Emma olaryň haçan we nirede duşuşjakdygy häzirlikçe anyk däl. Şeýle-de bolsa, Russiýa Saud Arabystanyny we Birleşen Arap Emirliklerini iki lideriň arasynda boljak duşuşygyň mümkin bolan ýurtlary hasaplaýar. Bu barada “Reuters” habar gullugy gepleşikleriň gidişi bilen tanyş rus çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Agentligiň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Russiýanyň ýokary derejeli resmileri soňky hepdelerde Saud Arabystanynda we BAE-de saparda boldular.
“Reuters” habar gullugy Putiniň we Trampyň Saud Arabystanynyň we BAE-niň liderleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýandygyny mälim etdi.