Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni Gündogar ykdysady forumyň umumy mejlisinde eden çykyşynda Uzak Gündogaryň we Arktikanyň çalt ösüşi tutuş XXI asyr üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
-Umuman aýdanyňda, Uzak Gündogara maýa goýumlarynyň ösüşi, umumyrus görkezijisinden üç esse çalt. 2014-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli tutuş ýurt boýunça esasy maýa goýumlarynyň ösüşi 13 göterim bolan bolsa, Uzak Gündogarda 39 göterim boldy – diýip Wladimir Putin belledi.
Prezident bu sebitiň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, Uzak Gündogarda ýerasty baýlyklarynyň öwrenilmeginiň derejesi häzirki wagtda 35 göterime deň.
-Bu, gazylyp alynýan pudaklarda köp sanly ösüş üçin, şol sanda geljegiň ykdysadyýetinde zerur bolan çig malyň strategiki görnüşlerini öz içine alýan ähli mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär – diýip, Wladimir Putin belledi.
-2030-njy ýyla çenli Russiýanyň Arktika zolagynda suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligi üç esse artyp, ýylda 64 million tonna ýeter – diýip, döwlet Baştutany belledi.
Prezident Demirgazyk deňiz ýolunyň ösüşiniň ähmiýetine ünsi çekip:
– Geçen ýyl 34 million tonna ýük geçdi we ýakyn ýyllarda bu global transport geçelgesiniň ýük akymy diňe öser – diýip belledi. 2030-njy ýyla çenli Arktika basseýnindäki deňiz portlarynyň umumy kuwwatyny iki esse artdyrarys – diýip Putin sözüniň üstüne goşdy.