«Skyscanner» web saýty pyýada gezelenç etmek üçin iň gowy şäherleriň sanawyny taýýarlady. Syýahaty söýüjilere taksä ýa-da jemgyýetçilik ulaglaryna münmezden haýsy şäherlere gezelenç edip biljekdikleri barada maslahat berilýär. Bilermenler Amerikanyň daşyndaky hem-de syýahatçylyk babatda täze tanalyp başlan 30 şäheri sanawa girizipdirler. Sanaw taýýarlananda syýahatçylyk nokatlarynyň arasyndaky uzaklyk, ýöriş ýodalarynyň sany, howanyň ýagdaýy, howpsuzlyk, ilatyň gürlügi we syýahatçylar üçin gyzykly bolup biljek ýerler ýaly jemi 14 ölçegden peýdalanylypdyr. Sanawda Kordoba birinji ýeri eýeleýär. Ispaniýanyň taryhy ýadygärliklere baý Andalusiýa sebitinde ýerleşýän bu şäherdäki taryhy binalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilipdir. Şäherdäki gadymy ýadygärlikleriň arasyny 26 minutda pyýada geçip bolýar. Kordobada ýöremäge niýetlenen 29 ýoda bar.
Ikinji ýeri Ýaponiýanyň Nagasaki şäheri eýeleýär. Kýusýu adasynda ýerleşýän şäherdäki port tebigy gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Şäherde syýahatçylaryň görüp bilýän 531 ýeriniň bardygy mälim edildi. Üçünji ýeri hem Günüň dogýan ýurdunyň Hirosima şäheri eýeläpdir. Şäher taryhy we medeni gymmatlyklary bilen tanalýar. Bu ýerde gündizine we gijesine rahat ýöräp gezelenç edip bolýar.
Italiýanyň Rejo-di-Kalabriýa atly kenarýaka şäherinde Etna dagyny görüp bolýar. Şeýle hem owadan deňiz kenary, açyk asmanyň astyndaky heýkeller, muzeý ýaly ýerler pyýada gezelenç üçin ýakyn aralykda ýerleşýär.
Monakonyň Monte-Karlo sebiti hem ýöremek üçin amatly ýerleriň sanawyna girdi. Köp ýyllaryň dowamynda «Formula 1» ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen tanalan bu ýer örän kiçidigine garamazdan, syýahatçylar üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär.
Estoniýanyň paýtagty Tallinden soňky ikinji uly şäheri bolan Tartu 2024-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagty saýlandy. Bu ýerdäki gadymy şäher, Estoniýa Milli muzeýi we Tartu uniwersitetiniň Botanika bagy syýahatçylar üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär.
Türkiýäniň senagat taýdan ösen ýerleriniň biri bolan Bursa taryhy ýadygärlikleri we mineral suwly şypahanalary bilen syýahatçylary özüne çekýär. Dokmaçylygyň ösen şäheriniň bazarlary hem hemişe köp adamly bolýar.
Ilkinji onluga Italiýadan ikinji bolup giren Bolsano şäherindäki syýahatçylar üçin gyzykly ýerleriň arasyndaky uzaklygy bir sagatdan gowrak wagtda ýöräp geçip bolýar. Şäherde 505 sany ýöriş ýodasy bar.
Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäheriniň içinden kesip geçýän derýa hem-de golaýyndaky dag ýaşamak üçin amatly tebigy şerti döredýär. Gadymy bazar, taryhy köpri we muzeý ýaly ýerleriň arasyny bary-ýogy 22 minutda ýöräp geçip bolýar.
Sanawyň onlugyny Kanadanyň Wiktoriýa şäheri jemläpdir. Wankuwer adasyndaky şäherde 457 ýöriş ýodasy bar. Arassa howa, gadymy gala we muzeý syýahatçylar üçin özüne çekiji hasaplanýar.