8-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini tamamlady. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahata Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, az ösen döwletleriň, kiçi ada döwletleriniň hem-de beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen bir hatarda ministrler, deputatlar, halkara guramalaryň, döwlete degişli bolmadyk guramalaryň, hususy pudagyň wekilleri, hünärmenler we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Şol gün forumyň tamamlanmagy mynasybetli jemleýji metbugat ýygnagy geçirildi. Metbugat ýygnagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary derejeli wekili Rabab Fatima çykyş edip, halkara forumda alnan kararlar barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň jemlerini teswirlemek bilen, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy bolandygyny belledi. Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminama — Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir. Wise-premýer, daşary işler ministri ähli wekiliýetleriň agzalaryna we maslahata gatnaşyjylara goşan uly goşantlary, ylalaşykly çemeleşmeleri hem-de täze, oňyn başlangyçlarydyr teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli, sebit, ählumumy derejede yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de maksatnamany amala aşyrmagyň dowamynda hemişelik gözegçilik etmäge, utgaşdyrmaga we hasabatlylygy ýöretmäge ukyply milli utgaşdyryjylaryň toruny berkitmegiň üstünligiň möhüm şertidigini nygtady.
Hanym Rabab Fatima Maslahatyň Baş sekretary hem-de BMG maşgalasynyň tarapy hökmünde Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna ajaýyp myhmansöýerligi üçin özüniň çuňňur minnetdarlygyny bildirýändigini aýtdy.
Ol owadan ýer bolan Awazanyň adynyň mundan ozal dünýäde sagdyn durmuş, dynç alyş we syýahatçylyk bilen adygandygyny aýtdy. Indi bolsa, Awazanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 600 milliona golaý ýaşaýjysy üçin täze umytlaryň, mümkinçilikleriň simwoly boljakdygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, bu maslahat bu ýurtlaryň deňze çykalgasy ýok hem bolsa, mümkinçiliginiň bardygyny tassyklady. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat şu wagta çenli geçirilen iň uly, iň giň göwrümli we iň inkluziw maslahat bolandygy bellendi.
Hanym Rabib Fatima dört günüň dowamynda bu ýerdäki maslahatlara 5 müň 700 adamyň gelendigini aýtdy. Olaryň 103 ýurda, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletden 30-yna wekilçilik edendigini habar berdi. Foruma 16 ýurduň döwlet Baştutany ýa-da Hökümet Başlygy, 108 ministr, parlamentiň ýüzden gowrak wekili, 29 sany hökümetara guramanyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekilleri, 450-den gowrak hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşypdyr.
Çykyşlardan soňra sorag-jogap alşyldy.