13-nji fewral – Bütindünýä radio güni. Bu sene diňe bir tehnologik tapyşyň baýramy däl, eýsem adamzat gatnaşyklarynyň, maglumat elýeterliliginiň we medeni köpdürlüligiň dabaralanýan günüdir. Ýüz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda radio dünýäniň iň uzak nokatlaryna baryp ýetmegi başaran, iň ygtybarly we “ýürekdeş” aragatnaşyk serişdesi bolup galýar.
Radio aragatnaşygynyň düýbi XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başynda tutuldy. Gugliýelmo Markoni, Aleksandr Popow we Nikola Tesla ýaly alymlaryň tagallalary netijesinde simsiz maglumat geçirmek mümkin boldy.
Bütindünýä radio gününiň döredilmegi baradaky başlangyç Ispaniýanyň Radio akademiýasy tarapyndan öňe sürüldi. 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 36-njy sessiýasynda bu sene resmi taýdan kabul edildi we 2012-nji ýyldan bäri Bütindünýä radio güni bellenilip gelinýär. 13-nji fewralyň saýlanyp alynmagynyň sebäbi bolsa, 1946-njy ýylyň hut şu gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Radiosynyň ilkinji gezek ýaýlyma çykanlygydyr.
Telewideniýäniň, internetiň we sosial ulgamlaryň çalt depginler bilen ösmegi radionyň ornuny gowşatmady, eýsem, ony has hem täzeçe öwüşginler bilen baýlaşdyrdy. Radionyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden tapawutlandyrýan esasy aýratynlygy, elýeter we islendik ýerde – awtoulagda, öýde, işde, hatda internet bolmadyk çet ýerlerde-de diňläp bolmagydyr. Radio diňleýjä diňe sesi berýär, galan şekilleri bolsa adam öz hyýalynda janlandyrýar. Bu bolsa radiony iň “ýakyn” dosta öwürýär.

Ajap REJEPOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.