Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) başlygy Rafael Grossi BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaş etmekçi. Ol bu barada Fransiýanyň habarlar gullugy AFP bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy. Grossi Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň başlygy hökmünde toplan tejribesiniň BMG-niň Baş sekretary wezipesine dalaş etmäge kömek etjekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, “hemmeler bilen” gepleşik geçirmäge we “hemmeler üçin kabul ederlikli araçy” bolmaga tagalla etjekdigini aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary Howpsuzlyk Geňeşiniň teklibi bilen Baş Assambleýa tarapyndan bellenilýär. Ol dalaşgärleri öňünden saýlaýar we teklip edilýän islendik dalaşgäre weto goýup bilýär.
Tehniki taýdan, Baş sekretaryň hyzmat edip biljek bäş ýyllyk möhletiniň çägi ýok, ýöne hiç kim bu wezipäni iki möhletden köp dowam etdirmeýär. Guramanyň häzirki, dokuzynjy başlygy Antonio Guterreş 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine girişipdi.